ÝAŞLAR FORUMY – ÝAŞLAR YNAMY


     Şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halklarymyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýumagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ýöretmek bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny öňe sürdi. “Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-18 aralygynda öz işine başlady. Bu foruma Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, bilim, ylym, medeniýet, sungat ulgamlarynyň wekilleri we öňde gelen jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar. 
Bu formuň ilkinji gününde Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň arasynda “Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumy geçirildi, oňa 150-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Dabaranyň başynda myhmanlar Mary welaýat kitaphanasynda sergä gatnaşdylar. Bu sergide ýurdumyzyň milli medeni-mirasy we taryhy sungatlary, milli şaý-seplerimiz we egin-eşiklerimiz bilen giňden tanyşdylar. Gatnaşyjy döwletleriň ýaşlary ilkinji gezek gadymy Merw şäherine ýygnandylar.
     Ikinji gününde “Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri” atly işewürlik ertirligi edilip, yzyndan “Akwarium” görnüşindäki maslahat geçirildi. Bu uly dabaraly günlerde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni hem möhüm çäreleriň hataryna girdi. Şeýle-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän, zähmetde we döredijilik işinde aýratyn tapawutlanýan Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 
Ol dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagy, biz talyplary diýseň buýsandyrdy. Bu dabarada konserwatoriýamyzyň “Estrada sungaty” hxnqriniň talyplary Humaý Kakaýewa we Tazegül Baýramowa gatnaşyp, türkmen aýdym-saz sungatyny ýokary derejä galdyrýandygy üçin ýokary baýraga mynasyp boldular. Bu ýagdaý ýaş sazandalarda, aýdymçylarda geljekki döredijilik hem-de zähmet işlerinde uly höweslenme döredipdir diýip ynanýarys.
     Dabaranyň jemleýji güninde bolsa, häzirki güne çenli saklanyp galan gadymy şäherlerimiziň biri bolan “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç gurnaldy. Myhmanlar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarymyz we baýlyklarymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Türkmenistanyň medeni-mirasy we sungaty bilen tanyşýan myhmanlarymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet festiwallary geçirildi. 
                                                                               Humaý AMANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň III ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm