“Magtymguly öwüt bergil söz bile” atly edebi sazly duşuşyk geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Magtymguly öwüt bergil söz bile” atly edebi sazly duşuşygy geçirildi. Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymgyly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdürliginiň redaktor usulçysy Baýram Goçmyradow Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dogrusynda gyzykly gürrüňleri biziň bilen paýlaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda Berkarar Watanymyzda Magtymguly Pyraga aýratyn hormat goýulmagy diňe talyp ýaşlaryň däl bütin halkyň begenjini goşalandyrýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň manysyny düşünip geçmek bilen nesil terbiýesiniň has-da düşünjeli bolmagy ähmiýetlidir.
Döredijilik duşuşygynyň myhmany Baýram Goçmyradow “Bilmezmiň” goşgusyny labyzly okap, bu goşgyny bize sözme-söz derňäp berdi. Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Atamyrat Baratowyň “Ýar ýüzünden” diýen aýdymy, Keýik Artykowanyň “Gözleriň” aýdymy ýaňlandy. Döredijilik duşuşygyň dowamynda myhmana Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlar gyzykly soraglar berdiler. Duşuşygyň myhmanyna ýokary okuw jaýymyzyň talyby Ataýewa Selbiniýaz Magtymguly Pyragynyň “Yzlamaýan bolarmy” diýen goşgusyndan özüne gyzyklandyrýan soraglary berdi. Halypamyz bu goşgynyň manysyny talyp ýaşlara düşündirdi.
Şeýle duşuşygyň geçirilip durulmagy ýaşlaryň edebi mirasa we sungata bolan garaýyşlarynyň has-da ösdürmekleri üçin örän ähmiýetlidir.
Hatyja AKMYRADOWA,
“Sazşynaslyk ” hünäriniň III ýyl talyby