Dil dünýä medeniýetiniň ýol kartasy
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hepdelik “Dil-dünýä medeniýetiniň ýol kartasy” atly serginiň gurnalmagy bilen başlandy.Sergide talyplar türkmen, rus, iňlis, pars dilleri ýokary okuw mekdebimizde öwrenilýän daşary ýurt dillerine degişli esbaplary, milli tagamlary görkezdiler. Şeýle-de her ýurduň däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar. Her ýurduň dilinde goşgulardyr, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu çäre konserwatoriýanyň ähli talyplary höwesli gatnaşdylar.
Soňra hepdeligiň açylyşy mynasybetli, dostluk ýaňy atly konsert geçirildi. Konsertda ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen nusgawy kompozitorlary bilen birlikde daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlary we sazlary ýokary derejede ýerine ýetirildi. Konsertyň ahyrynda “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” atly aýdym ýerine ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyza hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredip berýän mümkinçiliklerine dabara gatnaşanlaryň ählisi özlerini hoşalyk sözlerini aýtdylar.
Miýesser ÜLJÄÝEWA,
“Sazşynaslyk ” hünäriniň I ýyl talyby