Mugallymlar we talyp ýaşlar halkara seminara gatnaşdylar.
Şu ýylyň noýabr aýynyň dokuzyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” we “Sazyň nazaryýeti” kafedralarynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet Ministrliginiň Russiýanyň sungatlaryň taryhy institutynyň, Federal döwlet ylmy-barlag edarasynyň “Saz gurallary öwrenmek” bölüminiň “Orta asyrlary Yslam siwilizasiýasy döwründe saz barada ylym: ösüş tapgyrlary, mekdepleri, akymlary” atly halkara seminaryna gatnaşdylar.
Seminarda esasy dokladçy hökmünde Özbegystanyň “Kompozitorlar birleşiginiň” agzasy, sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty, sazşynas, meşhur gündogarşynas alym, däp bolan saz sungatyň Halkara geňeşiniň “Makam” ylmy barlag toparynyň (ICTM) başlygy Aleksandr Babaniýazowiç Jumaýew çykyş etdi.
Meşhur alymyň çykyşynda IX – XIX asyrlaryň dowamyna Orta asyrlaryň yslam siwilizasiýasynyň saz sungatynda ylmyň ösüşiniň esasy döwürlerine degişli meseleleri boýunça baý maglumatlary berildi. Temanyň dowamynda yslam medeniýetiniň dürli sebitlerinde we merkezlerinde dürli ylmy mekdepleriniň, ýagny: Orta Gündogar, Eýran, Orta Aziýa, Demirgazyk Hindistan, Gündogar Türkistan, Osman Türkiýe we ş. m. kemala gelmegi we ösüş ýollary barada taryhy maglumatlary açylyp görkezildi. Şonuň bilen baglylykda her bir döwüre degişli saz barada uly ylmy işlere (traktatlar), ensiklopediýalara we ş. m. bölümlerine, şeýle-de her bir aýry taryhy döwürlere, olaryň saz-teoretiki we estetiki meselelerine, başga-da yslam dünýäsine degişli saz ylmynyň umumy ösüşine, dürli akymlaryna we mekdepleriň arasyndaky aragatnaşyklara hem däp-dessurlaryna häsiýetnama berildi.
Açylow Agajan
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy