«Bas dutar» atly täze kitap çapdan çykdy


Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam edip, Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim ulgamy güýçli depginde ösüş gazanmak bilen, hil taýan täze derejesine çykýar. Bu babatda Türkmenistanda täze okuw jaýlary açylýar, döwrebap binalary gurulýar we täze-täze okuw kitaplary neşir edilýär.
Milli saz gurallarymyzy täzeden dikeltmek we kämilleşdirmek işleriniň ilkinji tejribeleri 1930-njy ýyllarynda tanymal sazandalar we milli saz gurallary rejelemekde ezber ussalary bolan  B. Nuraly, G. Ugurlyýew, S. Tumanýan, G. Arakelýan we A. Petrosýans tarapyndan durmuşa geçirildi. Türkmen halk saz gurallary orkestryň owazlanmagyny has-da baýlaşdyrmakda alynyp barylan işleriň netijesinde dutar ugruna degişli prima, sekunda, alt, plektrli dutar, prima plektrli dutar, bas hem kontrabas dutar gurallaryň täze nusgalary döredildi. Netijede täze döredilen halk saz gurallarynyň nusgalary ýekelikde çalynýan gurallar hökmünde, şeýle-de şol saz gurallaryndan düzülen dürli ansambllaryň we orkestrleriň hatarynda-da giňden ulanylmagy giň gerime eýe bolýar. 
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň ýaş mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň taýýarlan «Bas dutar» atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykdy. 
Täze neşir edilen bäş bölümli okuw kitabynyň «Bas dutaryň çalynyň usullary, düzülişi, gurluşy» atly  birinji bölüminde bas dutar barada maglumat, onuň düzgüni, diapazony we dutaryň dogry saklanyşy barada maglumatlary berýär. 
«Saz nazaryýetiniň esaslary» atly ikinji bölümi özünde saz sowady barada maglumat, saz sesleriniň ýazgysy, açarlar, do açary, sesleriň dowamlylygyny görkezýän notalar, taktlar, ölçegler, dyngy (pauza), alterasiýa belgileri, ses aralygy (interwal), perde we tonallyk, mažor we minor gammalary, akkord we üçem ses, depgin we onuň alamatlary, dinamika öwüşginleriniň esasy belgileri, melizmler (saz bezegleri) barada düşünjeleri berýär. 
«Gönükmeler, etýudlar hem-de gammalar» atly üçünji bölüminde çep el we sag el üçin gönükmeler, legato we üçleme, etýudlar we gammalar ýaly mysallary berilýär. Okuw kitabynyň bu bölümi ýaş sazandanyň ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmäge gönükdirilendir. 
Okuw kitabynyň dördünji we bäşinji bölümleri ýaş sazandalaryň döredijilik hazynasyny baýlaşdyrmak maksady bilen, olarda türkmen halk sazlarynyň we türkmen kompozitorlaryň bas dutar we fortepiano üçin döreden saz eserleri ýerleşdirilipdir. Bu babatda kitabyň «Ýekelikde çalmak üçin eserleri» atly dördünji bölüminde türkmen kompozitorlary D. Öwezowyň, N. Muhadowyň, Ç. Babaýewiň, W. Ahmedowyň, A. Agajykowyň, D. Nuryýewiň we başga-da birnäçe awtorlaryň ýekelikde çalmak üçin «Şadyýan heň», «Hüwdi», «Bibijan» , «Saýra dutar», «Maşalak ýar», «Sen-sen» ýaly sazlaryny we «Fortepiano bilen çalmak üçin eserler» atly bäşinji bölüminde kompozitorlaryň «Kiçijik wals», «Çal dutar», «Köne güzer», «Ekspromt», «Konsert-poema» ýaly uly göwrümli saz eserleri ýerleşdirilipdir. 
Bu täze okuw kitaby çagalar sazçylyk we sungat mekdepleri üçin niýetlenendir, şeýle-de estrada sungtynda elektro bas gitara hünärini özleşdirmek üçin peýdaly bolar, şonuň bilen bilelikde bu okuw kitabyndan aýdym-saz sungatymyzy söýýän giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.

Jemal AGAJANOWA 

«Orkestr saz gurallary» fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm