Dutaryň owazy dünýä ýaň salýar
Nury Halmämmedow – türkmen halkynyň iň bir söýgüli kompozitorlarynyň biridir. Onuň sazlarynda ynsan kalbyna çuňňur aralaşyp bilýän özboluşly hem özüne çekiji jadyly güýji bar. Hut şonuň üçin hem onuň baý döredijilik mirasyny bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Kompozitoryň deňsiz-taýsyz eserleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem giňden tanalýar. Ynha bu günki gün, sungat ussadynyň dünýä inmegine 85 ýyl dolýar. Bu şanly sene gözel diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda dünýäniň birnäçe şäherlerinde dabara bilen bellenilýär. Medeni ugurda kompozitoryň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde festiwal yglan edilip, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, awtoryň eserlerinden taýýarlanan konsertler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň ýaly dabaraly çäreleriň hatarynda Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň Halkara sungat festiwaly aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu festiwalyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Döwlet kitaphanasy Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Oktýabr aýynyň 30-yna geçirilen bu maslahata online esasynda Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň sungaty öwrenijileri gatnaşdylar. Bu ugurda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň egsilmez goşandy bardyr. Onda sungaty öwreniş ylymlarynyň dogtory Çaryýar Jumaýew, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidatlary Ýelena Osipowa, Zülfiýa Jumagulyýewa, Agajan Açylow, uly mugallymlar Şemşat Annagylyjowa, Bahargül Ýakubowa, Gurbangül Mämmedowa, Miwe Saparmyradowa, Gunça Meredowa, Gülbahar Ýazmämmedowa, mugallymlar Enejan Nuryýewa, Röwşen Ataýew, Leýli Sapargeldiýewa dagylar türkmen saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça taýýarlan temalary bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda türkmen professional saz sungatynyň kemala gelmeginde halk sazynyň, folklor döredijiliginiň täsirleri barada hem meseleler gozgaldy. Bu babatda taryhda öçmejek yz galdyran halypa sazandalaryň, mukamçy kompozitorlaryň bitiren hyzmatlary hakynda gyzykly gürrüňler hem ýatlamalar aýdylyp geçildi. Şol sanda Nury Halmammädowyň döredijiligine dürli taraplaýyn çemeleşmek bilen edilen çykyşlar maslahatyň täsirini has hem artdyrdy. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşmak arkaly gymmatly maglumatlara eýe boldular.
Jeýran JORAÝEWA
«Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby