«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäginde geçirilen ylmy-amaly maslahat we konsert
Ýurdumyz boýunça oktýabr aýynyň 27-28-inde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal yglan edildi. Festiwalyň dowamynda saz ussadynyň ömür ýoluna hem-de döredijilik işine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sungatyň beýleki ugurlary bilen gatnaşykly bolan döredijilik duşuşyklary, sergiler, awtoryň eserlerinden taýýarlanan konsertler saz muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi.
Bu festiwala Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplary hem özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. Festiwalyň ikinji güni bu medeniýet ojagynda kompozitoryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen “Mukama siňen ömür” atly ylmy-amaly maslahat bilen başlandy. Onuň çäginde konserwatoriýanyň “Sazyň nazaryýeti” hem-de “Sazyň taryhy” kafedralarynyň mugallymlarydyr talyplary bilen bir hatarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda dürli temalar boýunça täsirli çykyşlar boldy.
Ylmy-amaly maslahatyň başynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Bahar Ýakubowa özüniň giriş sözi bilen çykyş etdi. Konserwatoriýanyň halypa mugallymlary bolan Zülfiýa Jumagulyýewa, Şemşat Annagylyjowa, Gülbahar Ýazmämmedowa, Tatýana Litwina dagylar kompozitoryň döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklaryny öz çykyşlarynda açyp görkezdiler. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan gelen myhman “Şekillendiriş sungatynda Nury Halmämmedowyň keşbi” atly temany görnükli suratkeşleriň naýbaşy eserleriniň mysalynda gürrüň berdi. Maslahatyň ahyrky pursatlarynda “Sazşynaslyk” hünäriniň talyplary Bahar Hojaýewa, Jeýran Joraýewa kompozitoryň döredijilik ýoluna hem-de eserlerine bagyşlanan temalar bilen çykyş etdiler.
Festiwalyň düzümine girýän ýene bir dabaraly çäre maslahatyň yzysüre gurnalan konsert çykyşlarydyr. Onda ussat halypalar Begenç Gaýipow, Žanna Saýan, Aman Amanow, Begenç Moşşyýew Bibijemal Amanowa, Atageldi Garýagdyýew, şeýle-de talyp ýaşlar Dünýägözel Begaliýewa, Ýusup Ataýew dagylar şirin owazy bilen awtoryň aýdymdyr romanslaryny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Saz ussadynyň kamera-instrumental žanrda döreden eserleri konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary tarapyndan örän inçelik bilen ýerine ýetirildi. Bu babatda Jemal Agajanowa, Seýran Atanýazow, Merjen Amanowa, Çaryýar Ataberdiýew, Erjel Ýagşymyradow we başga-da birnäçe talyplaryň ukyp-başarnyklaryny taryplamak bolar. Olara sazandarlyk etmekde bolsa, Ýekaterina Darçiýa, Stella Faramazowa ýaly ussat ýerine ýetirijileriň irginsiz zähmeti aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Jeýran JORAÝEWA
«Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby