USSAT MUGALLYMYŇ ÝUBILEÝ KONSERTI
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Halow Muhammetgulyýewiň 70 ýaş ýubileý konserti geçirildi.
Halypa mugallym sungat ýolunda eýýäm 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda işlemek bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internadynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda zähmet çekdi. Häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyp ýaşlara halk saz gurallary hünäri boýunça bilim bermek bilen bu asylly ýoly dowam edip gelýär. Çeken asylly zähmeti üçin halypa mugallym Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy we «Watana bolan söýgüsi üçin» hem-de «Gaýrat» medallary bilen sylaglandy.
Bu geçirilen dabara ýygnanan ussat mugallymyň dürli ýyllarada bile zähmet çeken kärdeşleri, konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, onuň ýetişdiren şägrtileri bilen birlikde Türkmenistanyň Gahrymany şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow we Öwez Mämmetnurow dagylar hem gatnaşdylar.
Çykyş edenler Halow mugallymyň saz sungatynda bitiren işgärleri, halypa-şägirtlik gatnaşygy esasynda onuň ýetişdiren şägirtleri dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Gyzykly çykyşlaryň dowamy ussadyň şägirtleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlara utgaşyp gitdi.
Tirkiş AMANNAZAROW
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Kiçi ylmy işgäri