SAZ SUNGATY WE YLMY GARAÝYŞLAR


Ýakynda Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantura bölüminiň aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahatda konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ý.Rejepow, "Sazyň taryhy" kafedrasynyň uly mugallymy M.Gurbanow, "Kompozisiýa we gurallama" kafedrasynyň uly mugallymy K.Garowow, "Ýörite  fortepiano" kafedrasynyň mugallymy E.Nuryýewa, "Sazyň nazaryýeti" kafedrasynyň mugallymy G.Çaryýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty A.Nepesowa dagylar çykyş etdiler. 
Juda täsirli we gyzykly edilen çykyşlarda türkmen milli saz döredijiliginiň kompozitorlaryň eserlerinde eýeleýän orny, olaryň gurluş aýratynlygy, şu günki günde türkmen sazynyň ýeten beýik derejeleri barada ylmy-amaly usulda we ajaýyp milli we nusgawy sazlaryň üsti bilen beýan edildi. Maslahatyň soňunda edilen işleriň jemi jemlendi we gazanylan netijeler beýan edildi, ony durmuşa geçirmegiň ähli ugurlary hem-de tapgyrlary netijeli boldy. 
Maslahata gatnaşanlar türkmen aýdym-saz sungatyny ylym derejede ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.     
GÜLŞIRIN ÇARYÝEWA, 
Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň mugallymy 

Paýlaş

25/08/2024

Zehinli ýaşlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredijilik bilen meşgullaný

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm