DUTARÇY BAGŞY-SAZANDALARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI


Ýakynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Indi ýurdumyzda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ikinji gezek geçirilýän bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdy. 
Belläp geçsek, günüň birinji ýarymynda bäsleşige gatnaşan dutarçy sazandalar öz aralarynda bäsleşip, nobatma-nobat türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa dutarçy bagşylar halk aýdymlary bilen çykyş etdiler. 
Türkmen halkynyň köpöwüşgünli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň bu ýylky tapgyrynda ezber sazandalaryň, bagşylaryň arasynda talyp ýaşlaryň hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolmaklary uly buýsanç bilen bellärliklidir. 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen  milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Nyýazow, 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew, şeýle-de şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Göwher Tuhyýewa  ýaly ýaş ýerine ýetirijileriň hem ýeňiji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmaklary buýsançly ýagdaýdyr.
Munuň özi ýokary okuw mekdebimizde milli aýdym-saz sungatyny geljekki dowam etdirijileriň netijeli ýetişdirilýändigini, dutarçylyk we bagşyçylyk sungatynyň  mynasyp öwredilýändigini ýene-de bir gezek göz ýetirmäge esas döredýär. 
Bu gün hem ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bu bäsleşige gatnaşan ähli talyplary gazanan üstünlikleri bilen gutladylar. 
Biz hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanyp, türkmen aýdym-saz sungatymyzyň ösüşlerine goşant goşan talyplarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Olara mundan beýläk hem dünýäni haýran eden goşa tarly gazma dutaryň gudraty bilen täze belentliklere ýetmeklerini arzuw edýäris.
Milli sungatymyzyň we ýaş nesilleriň röwşen ykbalynyň hatyrasyna ajaýyp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hem-de halypa Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Öwezmyrat JANMYRADOW
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm