Bilimler we talyp ýaşlar güni dabara bilen geçirildi!


Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Şeýle dabaralaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ir säher bilen badalga aldy. Ilkinji okuwa gadam basýan talyp ýaşlar aýdym-saz sungatynyň ýokary ojagy bolan bu ýokary okuw mekdebinde Watanymyzy bolan buýsançlaryny, mähriban Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşly ýürek sözlerini  şygyr bilen sazda joşgunly beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny buýsanç bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň ýagty ýoluna ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny hem-de bilim ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigini belledi. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.
Bu günki başlanan ilkinji okuw sapaklary milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim syýasatynyň ösüşlerdäki orny hakynda boldy. 
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýatlarynda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanylmaga berilmegi bilim işgärleriniň we talyp ýaşlaryň başlaryny göge ýetirdi. 
Şeýle hem Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralary, döwletimizde durmuşa geçirilýän ylym-bilim syýasatynyň ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna yzygiderli gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu günki geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm