Mugallymyň üstünligi!


Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän «Ýylyň mugallymy-2023» döwlet bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilýän şeýle abraýly bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa hem üstünlikli çykyş edip baýrakly üçünji orna mynasyp boldy.
Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşikde mugallymlaryň hünärine degişli kadalara laýyklykda berk we adalatly baha berildi. Abraýly eminler topary ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Milli bilim institutynyň we döwürleýin ylmy-populýar neşirleriň wekillerinden ybarat boldy.
Bäsleşigiň çäklerinde sapaklary alyp barmakda hünär ussatlygyna baha berildi, mugallymlaryň usulyýet we ylmy işleri seljerildi, bilim we terbiýeçilik wezipelerine üns berildi, ylmy derejeleri we hormatly atlary göz öňünde tutuldy. Bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň hünär başarnyklaryna giňişleýin baha berildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlaryny eýelänler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm