Çagalar biziň bagtly geljegimizdir!
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daşkent” dynç alyş seýilgähini açyp berenine kän wagt geçmedi. Häzirki wagtda Aşgabat şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelinýän gelim-gidimli seýilgähe öwrüldi. Täze seýilgähde çagalar hem ulular wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilýärler. Ine şu gün hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen “ Çagalar biziň bagtly geljegimizdir” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň konserti geçirildi. Bu geçirilen çärede çagalar üçin konsert aýdymlar, oýunlar, tanslar, belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilimlerinden sorag-jogaplar, Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň Döwlet sirki we A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň artistleri, Medeniýet müdirliginiň 4-nji Çagalar sungat mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor topary hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada aýdymçylary çykyş edip dynç alýan çagalarymyza we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna öz baýramçylyk sowgatlaryny etdiler. Konsert “Garaşsyz Bitarap Türkmenistan” diýen aýdym bilen açylyp ony Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Näzli Pirkuliýewa, Allaberdi Nowruzow we “Saýrak bilbiller” hor topary ýerine ýetirdiler. Ýene-de şol mekdebiň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde “Ak derýam”, “Akja kepderi”, “Buýsanç”, “Çagalyk aýdymy” ýaly aýdymlary ýerine ýetirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Döwran Şammyýewiň, Täzegül Baýramowanyň, Jennet Mekanowanyň, Humaý Kakaýewanyň, Daýanç Babaýewiň, Rahym Amanjaýewiň ýerine ýetiren aýdymlary uly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Ýene-de bellemeli täsirli aýdymlaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Şaripow Mansuruň “Ягода малинка” aýdymy öz perzendi Şaripow Didar bilen ýerine ýetimegi diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Perzendi Didaryň sahnada özüni alyp barşy, aýdymy yhlas bilen ýerine ýetirişi haýran galdyryjy çykyş diýsek ýalňyşmasak gerek. Şeýle talantly çagalarymyza uly mümkinçilik döredip beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar. Sungaty söýän, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sungatyň dürli görnüşlerinden baş çykarýan zehinli çagalaryň kemala gelýändigini nygtap, ýaş nesillerimize uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.