Çagalar biziň geljegimizdir!
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
Her bir ýurdyň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlanan “Watan” kinokonsert merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar biziň geljegimizdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserdi geçirildi. Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Niýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Omar Omarow, Didar Atajanow, Medine Omarowa, Jennet Bakyýewa, şol mekdebiň tans topary we konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Döwran Şammyýewyň multfilimlerinden “Арабская ночь”, “Can you feel” , “I, m steel standing”, Моана “Спасибо” hem-de 3-nji ýyl talyby Täzegül Baýramowanyň multfilimlerinden Холодное сердце “За окном опять сугробы”, “Это моя любовь”, “Try everything”, Моана “Что меня ждет” aýdymlary, Kirişli saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirilmeginde baýramçylyk konserdimiz şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Konserdimiziň ahyrynda çagalar bilen oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilimlerinden sorag-jogaplar alyşdylar. Soraglara dogry jogap beren çaglara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabarany gurnaýjy guramalaryň wekilleri we çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar. Sungaty söýän, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sungatyň dürli görnüşlerinden baş çykarýan zehinli çagalaryň kemala gelýändigini nygtap, ýaş nesillerimize uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler. Ýaş nesliň geljegi ýurduň geljegidir.