Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy


     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölümi bilen bilelikde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap “Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy” ady bilen baýramçylyk kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergisinde şahyryň ömri we döredijiligine degişli edebiýatlar, dürli daşary ýurt dillerinde çap edilen kitaplary hem-de şahyryň sözlerine düzülen aýdym-saz eserleriniň notalary ýerleşdirildi. Kitap sergisi okyjylarda uly gyzyklanma döretdi we söhbetdeşlik geçirildi.   
                

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm