Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi!


 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

-Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr.
Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň
 guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.

    Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlanan “AŞGABAT” seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu geçirilen çärede çagalar üçin konsert aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilimlerinden sorag-jogaplar boldy. Konsertde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň  4-nji Çagalar sungat mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor topary, şol mekdebiň okuwçylary Näzli Pirkuliýewa, Allaberdi Nowruzow, Nurmuhammet Dinmämmedow, Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň taýýarlan sahna oýunlary hem-de konserwatoriýanyň estrada aýdymçylary çykyş edip çagalarymyza öz baýramçylyk sowgatlaryny etdiler. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Konserdiň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Orazdaýanç Babaýewiň ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Serdara şöhrat” diýen aýdym bilen jemlendi. Goý biziň asuda ýurdymyzada her bir çagajyklarymyzyň nurana ýüzleri, şadyýan gülküleri mydama dünýä ýaň salsyn. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen konsertiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm