Jaz eserleriniň konserti geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konservatoriýasynyň kiçi zalynda «Regtaým» toparynyň konserti geçirildi. Bu topar 2020-nji ýylda ilkinji gezek diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Şeýle hem, aýdym-saz terminologiýasynda «Regtaým» diýlip atlandyrylýan jaza aýratyn üns berýändigi sebäpli topara öz adyny dakdy. Toparyň ýolbaşçysy Natella Bagirowa – üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň kafedrasynyň konsertmeýsteri. Ondan başga-da toparyň düzüminde Muhammet Joraýew (bas gitara) we Kakageldi Gurbanmyradow (deprek toplumy) talyplar girdiler. Konsertiň dowamynda häzirki zaman Türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen birlikde dünýä meşhur jaz sazlary esasanda Jorj Gerşwiniň «Eý hanym, haýyş edýärin» we Persi Maýfildiň «Ýitirim bol, Djek» eserleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Konsert diňleýjilerde we ýerine ýetirijilerde iň ýakymly täsir galdyrdy. Konserte gatnaşyjylar şeýle dabaralaryň geçirilmegine döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm