Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär!


Bilşimiz ýaly ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Dostlukly ýurduň paýtagtynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama, şeýle hem dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalar we Ylalaşyklar bar. Olar özara gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça ösdürilmegini şertlendirip, döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem iş saparyň barşynda dürli ugurlar boýunça geçirilen gepleşikler bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruny düzdi.  Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde Magtymgulynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Arkadagly Serdarymyzyň iş saparyna bagyşlanyp Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem dabaraly seslenme geçirildi. Bu dabara Täjigistan döwletinde akyldar şahyr Magtymgulynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş eden bagşylar toparynyň talyplary hem-de halypa mugallymlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyşlar watanymyzyň ösüşlerini Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan belent işlerini wasp edýän aýdymdyr sazlara utgaşyp gitdi.   

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm