TÜRKMEN BAGŞYÇYLYK SUNGATYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI


        Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Gülüstan şäherinde bagşylaryň III Halkara festiwaly geçirildi. Festiwala dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan döredijilik toparlary gatnaşyp, onda dürli halklaryň aýdym aýtmak, saz çalmak ýaly gadymy sungatynyň nusgalary açylyp görkezildi. 
Dost-doganlyk festiwalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň I baýrakly orna mynasyp bolmagy has-da buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Halypa mugallym aýdym-saz sungaty boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna, eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda Garýagdy Saryýew «Soltan Söýün Baýkara» dessanyny ýerine ýetirdi we diňleýjiler köpçüliginiň we eminleriň ünsüni çekmegi başardy. Baýrakly orna mynasyp bolan halypa mugallyma festiwalyň diplomy, pul baýragy we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary Garýagdy Saryýewiň dessan aýdyşyna, sahnada özüni alyp barşyna, milli lybaslaryna ýokary baha berdiler. 
Festiwalyň sahnasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň dutar, mugallym Sapamyrat Amanmyradowyň gyjak, 5-nji ýyl talyp Wepamyrat Ödäýewiň gargy tüýdük çalyp, şowly çykyş edendiklerini hem nygtamak gerek. 
Ýeri gelende bellesek, iki ýylda bir gezek geçirilýän bu festiwalda, esasan, ýurduň dessançylyk däp-dessurlary açylyp görkezilýär. 2019-njy ýylda geçirilen bagşylaryň I Halkara festiwalynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow 1-nji orna mynasyp bolupdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm