Öçmejek çyrag
Adam kosmos belentliklerine, maddy baýlygyň ýokary derejesine ýetse-de, onuň esasy baýlygy ýüregi, kalbydyr. Birek-birege bolan söýgüden ynamdan doly kalby-tükenmez bir ummandyr. Ykbalyň adama eçilen tebigy baýlygy onuň zehini. Onuň kalby dury, niýeti gözel bolup, sungatyň güýjünden özgerýär. Äpet bir daragt bolup, sada göwünli, giň düşünjeli, halypa derejesine ýetip, şol baýlygyň bilen paýlaşyp bilmegiň özi hem bir uly sungatdyr. Robert Şumanyň: “Ynsan kalbynyň garaňkylygyna ýagtylyk girizmek – artistiň borjudyr” diýişi ýaly, şeýle güneşli päk ýürekli artistleriň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti – Atageldi Garýagdyýew. Bu halypany göreniňde elmydama ýylgyrasyň gelýär, onuň özboluşly energiýasy, durmuşa bolan höwesi, öz kärine bolan söýgüsi biz talyp ýaşlara joş berýär.
Atageldi Garýagdyýew arman-ýadaman zähmet çekip, talyp ýaşlarda tebigy zehinleri gözläp, olara gowy maslahat bermegi, olaryň ruhy dünýäsini açmagy, gerekli maslahatlary bermegi özüniň borjy hasaplaýar.
Öz diliňde öz Watanyň aýdymyny aýtmak, öz türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirmäge öwrenmek esasy maksatlaryň biri bolýar. Atageldi Garýagdyýewiň “Öz içiňi, özüňi gözläp, içki dünýäňi tapjak bolmaly. Özüňi tapyp bilseň, şondan belent zat ýok dünýäde” diýen sözleri ruhuňy galkyndyryp, täze belentliklere tarap ugur alasyň gelýär. Öz bedeniň mümkinçiliklerini öwrenip, galyberse-de wokalyň ýene bir tarapy intellektiň bolup, köp zat bilmeli, okamaly, diňlemeli. Saýlap alan käriňe uly zähmetiň, yhlasyň we söýgiň güýçli bolmaly.
Sungat hiç wagt boş eliň bilen bolanok we tutdyranok. Zehin berilýär mysal üçin, zehindenem güýçli häsiýetiň bolmaly. Biziň kärimizde häsiýetiň bolmasa, ýarty ýolda ýitip gidýäň. Seniň okuwa, ylma ýapyşyp ýatan häsiýetiň gerek. Her bir eseriň üstünde oturmaly, ahyr soňuna çykmalydygyňa özüň düşünmeli. Bir söz bilen aýdanyňda, biz – hudožnik, sungat adamlary. Biz döretmeli. Göçürilýän sungat däl, öz aýratynlygyň bilen täze eser döretmeli. Sen isle wokalçy bol, isle skripkaçy, dirižýor, kompozitor bol tapawudy ýok, edýän işiňde, sazyňda her bir adamyň içinde öz häsiýeti çykmaly. Dörediji bolmaly, ynha şonda hemme zat ýerinde bolýar.
Käriňe hiç wagt ikilik etmeli däl. Sungatda hiç hili kiçi kär ýok. Sungatyň her bir käri gaty uly, şony başaryp alyp çykyp bilmeli. Başarsaň senden uly adam ýok dünýede. Gönümel indiwidualizm. Halkyňa gulluk edip, öz milletiň aýdymyny ene diliňde aýtmaly.
“Nury Halmämmedow ilkibaşda “Şükür bagşy”, “Türkmenistan” simfoniki şekilleri, “Dutaryň owazy”, Simfoniýa ýazypdyr soň, ýaňy ýaňylar Ýeseniniň sözlerine romanslar, ýapon şahyrlaryň sözlerine romanslary ýazypdyr. Men diýen sözüň bolmaly, ol men-menlik däl, oňurgaň içinde ýilik bolmaly. Sen dünýede ýekeje adam, özüňe gulluk edip, dünýäniň ähli gözelliklerini kabul etmeli. Şol zatlaryň içinde ýüwrüp-ýüwrüp şol gözellikleri halkyňa gaýdyp bermeli” – diýip Atageldi Garýagdyýew gürrüň berýär.
Ýakynda ýaşlaryň arasynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ýörite sungat we sazçylyk mekdeplerinde Atageldi Garýagdyýew birnäçe günüň dowamynda “Bagtyýar ýaşlar halypa ýoly bilen” atly aýdym-sazly, ussatlyk sapaklaryny geçirdi. Ilkinji nobatda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde, soň ussat halypa Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine ugur aldy. Konsertler Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde we Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde dowam etdi. Duşuşykda opera aýdymçy, halypanyň ýerine ýetiren aýdymlary mekdepleriň talyp ýaşlarynda ýakymly täsir galdyrdy.
Bu konsertlerde halypa türkmen we daşary ýurt eserlerini ýerine ýetirdi. Olaryň içinde aýratyn gowy kabul edilen eserleri hökmünde Atageldi Garýagdyýewiň repertuaryndan bar bolan Nury Halmämmedowyň “Maraljan”, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Aşgabat”, Daňatar Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, “Gyzlaryma”, “Şadyýan gün”, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, Joakkino Rossininiň “Sewil dellegi” operasyndan meşhur Figaronyň kawatinasy, Muslim Magomaýewiň repertuaryndan “О море, море” ýaly aýdymlary bellemek bolar.
Bu ussatlyk sapaklarynyň jemi hökmünde, Atageldi aga öz täsirlerini biz bilen şeýle paýlaşdy: “Lebap welaýat ýörite sungat mekdebine baramda, ol ýerdäki talyplaryň, mugallymlaryň şeýle işjeň gatnaşygyny, joşgunly kabul edişlerini gördüm. Mary topragym, meniň öz önüp, ösen ýurdum. Ol ýerde men öz çagalygym geçirdim. Ahal welaýatynda, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary bilen Gökdepäniň medeniýet öýünde duşuşyk geçirdim. Zerur saz gurallar bilen üpjün edilen, şeýle ajaýyp binada, biziň halypa mugallymymyz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilen konsert berdik. Ýokary derejede, hezil edip diňlediler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde we Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde söhbetdeşlik görnüşinde geçirilip, gowy kabul etdiler. Jemleýji konserti paýtagtymyzdaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary we mugallymlary bilen geçirdik. Sahna çykyp aýdan aýdymlaryma “brawo” diýip el çarpsalar, ana şonda ylham alýan. Bar bilýän zatlarmy paýlaşýan oturan adamlar bilen. Hiç wagt sungatda ýarym aýak edilmeýär. Elmydama, aýdym aýdanda-da doly aýtmaly, ýüregiň açyk bolmaly, hereketiňem çyn bolmaly”.
Atageldi Garýagdyýewiň indi köp ýyllardan bäri ýaşlara halypa maslahatlaryny berip, olaryň ussatlyga ýetmeginde mynasyp goşandyny goşýar. Bu günki gün onuň şägirtleri barmak büküp sanardan köpdür.
Biz hem halypanyň bu eden nusgalyk işlerinden ugur alyp, talyp ýaşlar bolup, öz saýlap alan hünärimiz boýunça, biziň durmuşymyz ajaýyp zamana gabat geldi, biz ýaşlaryň gelejegi, ýoly açyk. Ähli mümkinçilikler döredildi. Medeniýet we sungat ugrundan bilim alýan talyp ýaşlary öz hünärlerinden göreldeli okap, kämilleşmekleri ugrunda hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Biz ýaşlara öz söýýän kärimizi hasam hem söýüp, öz kärimiziň eýesi bolup, durmuşda bagtly Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize, ýurdumyza gerekli, ogullar-gyzlar bolup ýetişjekdigimizi ynandyrýarys.