Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň üstünlikleri


     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan pähim paýhasly syýasaty, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Medeniýet we sungat ugrundan bilim alýan  talyp ýaşlary öz hünärlerinden göreldeli okap, kämilleşmekleri ugrunda hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda birnäçe işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny özümize görelde edinip “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň arasynda 20-28-nji aprel aralygynda “Konserwatoriýanyň zehinleri - 2023” atly bäsleşigi geçirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, sazandalaryň we aýdym-saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. 
     Ýokary okuw jaýynda bilim berilýän ähli hünärler boýunça 1-5-nji ýyl talyplaryň arasynda her ýyl däp boýunça geçirilýän bu bäsleşik iki tapgyr esasynda alnyp baryldy. Emin agzalarynyň baha bermeginde, tapawutlanan talyplar ikinji tapgyra gatnaşmaklyk mümkinçiligini gazandylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça talyplar türkmen we daşary ýurt saz eserlerini ýerine ýetirip, şeýle hem häzirki zaman innowasion tehnologiýalary arkaly ylmy işleriniň çykyşlary bilen özleriniň ukyp-başarnyklaryny professional derejede beýan etdiler. Mynasyp orunlara eýe bolan talyp ýaşlara Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan hormat hatlary we sowgatlarynyň gowşurylma dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm