Halypa sazanda, mukamçy kompozitoryň 65 ýaş ýubileýi


Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, halypa sazanda, mukamçy kompozitor Orazmyrat Annanepesowyň doglan güniniň 65 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Halypanyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken mynasyp zähmetine ýokary baha berildi. Duşuşyk dabarasy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp belent ruha beslendi. 
Dabaranyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektorynyň gutlagy bilen tanyşdyryldy. O. Annanepesowyň döredijilik hem ýerine ýetirijilik ussatlygyna berlen ýokary baha çykyşyň esasy mazmunyny düzdi. Soňra ýokary okuw mekdebiniň Halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde O. Annanepesowyň “Arkadagymyz”, onuň J. Gurbangylyjowa bilen bilelikde ýazan “Dabara mukamy” ýaly eserleri ýaňlandy. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti O. Igamow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem ýekelikde Türkmenistanyň at gazanan artisti A. Ýagşyýewa çykyş etdi. 
Soňra konserwatoriýanyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy R. Muhammedow sazandanyň gysgaça terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem bu dabara mynasybetli taýýarlan “Köňül mukamy” atly kitabynyň neşir edilendigini mälim edip, bu okuw gollanmasynyň halypanyň ýerine ýetirijilik hem döredijilik işlerine 40 ýylyň dolmagy hem onuň doglan güni mynasybetli taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem dabaraly çäräniň dowamynda Türkmen sazy kafedrasynyň müdiri G. Muhammetberdiýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G. Daňatarow, Türkmenistanyň at gazanan artisti N. Meredow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar sözlän sözlerinde halypanyň bitiren uly işlerini ýatlap, onuň döredijilikde eýeleýän ornuna mynasyp baha berdiler. O. Annanepesowyň köptaraply döredijilik we ýerine ýetirijilik işleriniň ýokary baha eýe bolup, onuň döredijilik äleminde üstünliklere eýe bolmagyny, ýaşynyň uzyn bolmagyny arzuw etdiler. 
O. Annanepesowyň döreden “Arkadag”, “Halypa hormat”, “Hoşlaşaly biz”, “Enä tagzym”, “Ne derdiň bar?”, “Käbäm Galam”, “Köňlüm bereýin”, “Dostluk daragty”, “Mährem gyz” ýaly ýaňlanan birnäçe aýdym-sazlar halypanyň doglan günine özboluşly sowgat boldy. Bu aýdym-sazlary O. Annanepesowyň kärdeşleri, şägirtleri ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti, M. Muhammetnyýazow, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary R. Begenjow, Ç. Ahunow, G. Saryýew, M. Baýramow, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri L. Hudaýberdiýewa, S. Ataýew, M. Aşyrow, D. Daňatarow we beýlekiler ussatlarça ýerine ýetirijilikleri bilen aýdym-sazlaryň belentden-belent ýaňlanmaklygyny gazandylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm