«TALYP GÖZELI-2023» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI!


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, “Talyp gözeli-2023” atly gözellik bäsleşigini yglan etdi.
Saz sungatynyň medeni ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem yglan edilen “Talyp gözeli-2023” atly gözellik bäsleşigi talyp gyzlaryň arasynda geçirildi. Muňa ýokary okuw mekdebimiziň ähli fakultetlerinden talyp gyzlaryň dördüsi gatnaşdy. “Halk sazy” fakultetinden Hangeldiýewa Ogulsoltan, “Üflenip, kakylyp çalynýan saz gurallary” fakultetinden Durdykulyýewa Arzuw, “Aýdym, hor dirižorlygy we saz mugallymçylygy” fakultetinden Artykowa Keýik, “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetinden Durdyýewa Taganbibi gatnaşyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny açyp görkezmek, Milli Liderimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, milli tagamymyz bolan unaş kesip, “Hünärim bar – hormatym bar” şerti boýunça özleriniň ukyplaryny keşde çekmek arkaly görkezmek bilen bäsleşdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça talyp gyzlardan “Halk sazy” fakultetiniň talyby Hangeldiýewa Ogulsoltan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyza talyp ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, ukyp – başarnyklarymyzy açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin özleriniň hoşallyklaryny aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm