Saz diplomatiýasy halkara gatnaşyklarynda


Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklarynda dünýä ähmiýetli işleriň birnäçesi amala aşyrylýar. şu günler Türkmenistan döwletimiz bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 30 ýyllygy mynasybetli dürli göwrümli çäreler geçirilýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulan ilkinji günlerinden başlap, iki döwletiň arasynda ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde birnäçe işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ruhy we medeni gymmatlyklara, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk mynasyp derejede ösdürilýär hem-de yzygiderli giňeldilýär.
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda belli Italýan sazandasy Antonio Onorato türkmen ýaş sazandalary bilen ussatlyk sapagyny geçirdi. Belli sazanda gitara saz guralynyň ussady bolmak bilen, özüniň ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesini ýaş sazandalara görkezdi. Şeýle-de ussatlyk sapagynda dünýä meşhur kompozitorlaryň saz eseriniň öwrenmegiň inçe syrlaryny, onuň aýratynlygyny öwretmäge çalyşdy. Türkmen sazandalary özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogaplary alyşmaklary hem ussatlyk sapagynyň özenini düzdi.
Ussatlyk sapagyndan soňra Italýan sazandasy konserwatoriýanyň muzeýine aýlanyp türkmen milli saz gurallary hemde Türkmenistanyň Gahrymany halypa Maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly bilen tanyşdy.
Dabara gatnaşan Italiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari hemde konserwatoriýanyň rektory Rasul Amangeldiýew şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna bu dabara gatnaşyjylaryň adyndan özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm