Öňdebaryjy ýaşlar Beýik geljegimizdir!


Ýaňy ýakynda paýtagtygymyzyň  «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlatyndan wekiller gatnaşdylar. Gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna goşmaça üýtgetmeleri meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy. Öňderbaryjy ýaşalarynyň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyň “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy “Türkmeniň Altyn asyr bäsleşiginiň” ýeňijisi Tahyr Ataýew we “Estrada sungaty” hünäriniň V ýyl talyby “Türkmeniň Altyn Asyr bäsleşiginiň” ýeňijisi Şatlyk Gurbannazarow dagylaryň bolmagy hasda buýsandyryjydyr. Şeýle asylly ýörelgeleri bilen eziz halkymyzy, ýaşlarymyzy bagtgly gelejege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň alkyşlary soňsuzdyr. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm