«Milli Liderimiziň nesihatlary biz ýaşlar üçin ylham çeşmesi» atly aýdym-sazly seslenme geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Milli Lidermiziň nesihatlary biz ýaşlar üçin ylham çeşmesi» ady bilen aýdym-sazly seslenme geçirildi. Bu dabara konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipeleri hakynda, şu ýylyň adynyň hem ýaşlar bilen baglanyşykly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýilip atlandyrylmagynyň uly many-mazmuny barasynda dabarada çykyş eden öz hünärleriniň ussat ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary belläp geçdiler.
Ajaýyp çykyşlaryň dowamy watanymyzyň ösüşlerini Arkadagly Serdarymyzyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan belent işlerini wasp edýän aýdymdyr sazlar bilen dowam etdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.