Konserwatoriýanyň mugallymynyň halkara derjesindäki üstünligi
Türkmen sazşynasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri Bahargül Ýakubowa “2022-nji ýylyň gowy ylmy-barlag” işi atly XXXVIII halkara bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň Penza şäherinde hereket edýän “Halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi” tarapyndan geçirilen bu bäsleşige Bahargül Ýakubowa sungaty öwrenijilik seksiýasy boýunça öz işini hödürledi. 2021-nji ýylda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy mynasybetli ol öz ylmy işini dutar mirasy bilen bagly ýerine ýetirdi. B.Ýakubowanyň ylmy işi “Dutar-türkmen halkynyň ruhy gymmatlygy” diýip atlandyrylýar. Bäsleşigiň jemi boýunça saýlanan işler ýygyndy görnüşinde taýýarlanyldy. Ylmy işleri Elibrary.ru. elekrton kitaphana arkaly okamak bolar.