Täze eýýamyň täze ýyly
Belent ösüşleriň bir ganaty Garaşsyzlyk, beýlekisi Bitaraplyk hasaplanýan eziz Diýarymyza Täze ýyl gelýär! Ömürlere ömür goşup, döwrümize zynat berip gelýän Täze ýylyň garşylanyşy bolsa, onuň abadan, saglykly, sahawatly, rysgal-bereketli ýyl bolup dünýämize doljakdygyndan, Arşdan ýapylan serpaý bolup gonjakdygyndan habar berýär. Çünki halkymyza ýagşa ymtylmak ýaly owal-ahyr ajaýyp häsiýetler mahsus. Şeýle ynam bilen garşylaýan ýyllarymyzyň her biri hem hut arzuwlanyşy, göz öňüne getirilişi ýaly bolýar.
Toý-baýramlaryň mekany hasaplanylýan gözel Diýarymyzda Täze ýylyň toý döwresi hem muny dolulygy bilen tassyklaýar. Ýokary guramaçylyga, baý many-mazmuna beslenýän dabaralar, joşgunly çäreler, ajaýyp bezegler bizi şeýle pursatlaryň dowamyna, baýramçylyk ruhuna atarýar. Oňa jebislik, agzybirlik, millilik hem mahsus bolup, bitewülik binýadymyzy barha berkidýär. Bir supra jem bolan il-günümiziň döwletli ýyllary şatlykdan, begençden, buýsançdan doly kalplar bilen garşylamagynyň uly manysy bar. Ol döwletimiziň berkararlygynyň, başymyzda Arkadagly Serdarymyzyň bardygy, gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň parasadynyň durandygy bilen baglydyr. Şeýle sazlaşygyň, ajaýyp baglanyşygyň bolan ýerinde bolsa, ýyllarymyzyň bereketli geljekdigine berk ynanmaga haklydyrys.
Hawa, ömrümiziň iň täsirli hem tämiz ýyllaryny başdan geçirýäris. Biz atalarymyzyň arzuwlan ýyllaryny ýüze sylyp, bagtyýarlyga besleýäris. Asyrlaryň ajaýyp eýýamynda, bagtyýarlyk zamanasynda ýaşaýarys. Belent sarpaly ynsanlar hökmünde halkyna arka bolup duran Gahryman Arkadagymyzy, saýa bolup duran Arkadagly Serdarymyzy alkyşlaýarys.
Şeýle hem iki ýylyň sepgidinde edilen arzuwyň hasyl bolýandygyna uly ynam bilen Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana eserindäki dürdäne dilegleri zybana getirip, buýsançly gaýtalaýarys: «Ýyllar düşümli gelsin, toýlar toýa ulaşsyn!».