«Täze Galkynyş döwründe sungatyň dabaralandyrylmagy» atly seslenme geçirildi


    Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Täze Galkynyş döwründe sungatyň dabaralandyrylmagy» atly seslenme geçirildi. Bu geçen dabarada Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrylmagy şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasyn-da, çagalar sagaldyşdikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň – Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmalydygy barada şatlykly habaryň gelip gowuşmagy bilen bagly gyzykly çykyşlar edildi. Dabarada Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow, konserwatoriýanyň uly mugallymlary Annanabat Hojamämmedowa, Mähri Hojaýewa özleriniň bu şatlykly waka baradaky ýürek buýsançlaryny ýetirdiler. Dabaranyň dowamy talyp bagşy sazandalaryň ýerine ýetirmeklerinde döwrümiziň ösüşlerini, Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent tutumly işlerini wasp edýän aýdymdyr sazlar utgaşyp gitdi. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm