Üçtaraplaýyn sammit sergi bilen jemlendi


Golaýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.
Dabaranyň başlamagy bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň gyzlar akapella toparynyň “Eý daragym batlan” atly aýdymyny ýerine ýetirmeklerinde, hormatly myhmanlarymyz Ogulgerek Berdimuhamedowa, Mehriban Aliýewa şeýle-de Emine Ärdogan bu ýerde Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserlerini hem-de nepis halylaryny, täsin milli senetçilik önümlerini hem-de zergärçilik şaý-seplerini synladylar. 
Myhmanlar gyzlar toparynyň ýerine ýetiren läleriniň milli owazyny gowy görüp, ýene bir sapar ýerine ýetirip bermeklerini haýyş edip, gyzlar bilen ýdygärlik surata düşdiler. Serginiň gyzlar hor toparynyň çykyşlary bilen utgaşmagy bu ýerde gurnalan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm