Aýdym-sazyň mekany


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň “Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldi” diýen paýhasly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wasp etmek, hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesilleriň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp gazanylan beýik üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň waspy dillerde” atly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda  “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly noýabr saz festiwaly badalga aldy. Festiwalyň yzygiderli konsertleri diýseň gyzykly geçip dur. Şol konsertleriň hatarynda geçiriljek şu günki konsert “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti  Atajan Berdiyewiň  şägirtleriniň paýyna düşdi. Konsertiň başynda Atajan Berdiýew halypa-şägirtlik ýoly hakynda gürrüň açdy. Bu hem talyp ýaşlar üçin özüne çekiji boldy. Soňra bolsa halypa öz şägirtleri   Jennet Mekanowanyň we Bahram Hüseýinowyň ýerine ýetirmeginde aýdymlaryny diňlemäge çagyrdy. Olar D.Öwezow we A.Şapoşnikowyň “Şasenem Garyp” operasyndan Şasenemiň ariýasy, P. Çaýkowskiniň “ Pikowaýa Dama” eserinden Lizanyň ariýasy, S.Rahmaninowyň “Здесь хoрошо”, J. Puççiniň “Toska” eserinden Toskanyň ariýasy, N.Halmämmedowyň “Aşgabat”, “Neýläýin”, T.Kuliýewiň “Saňa-da galmaz”, A.Laronyň “Granado”, J.Rossiniň “Tarantella”, N.Halmämmedowyň “Söýgi hakynda monolog” aýdymlary ýaňlandy. Bu aýdym- sazlar diňleýjiler tarapyndan uly el çarpyşmalara mynasyp boldylar. 
Bu festiwala şeýle hem konserwatoriýamyzyň ýaş mugallymlary we halkara bäsleşikleriniň ýeňiji talyplary işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm