Dost-doganlygyň owazy
Şu gün türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde ýola goýlan dünýä ýurtlary bilen dostlukly özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyza Ýaponiýa döwletinden myhmanlar gelip, türkmen toý saçagy we bagşylarymyzyň aýdym-saz ýerine ýetirmekleri bilen gyzgyn garşylandy. Soňra myhmanlarymyz Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bagyşlanan muzeýe gelip, türkmeniň gadymdan gelýän saz gurallary bilen, opera sungatymyzyň ägirdi Maýa Kulyýewanyň hormatly atlary, şa serpaýlary, milli lybas egin-eşikleri, gazet-žurnal we kitaplarda özi hakynda çap edilen makalalary, opera we kinofilmlerde janlandyran köptaraply keşpleriniň suratlary şeýle hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň muzeýiň açylmagy mynasybetli sowgat beren heýkeli bilen tanyşdylar.
Şu mynasybetli konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlar tarapyndan dabaraly konsertde türkmen halk sazlary “Ýar gara gözli”, “Nergiz”, “Begler”, Gurban Kulyýew “Konsertino”, “Görogly Şa dessanyndan” 1 parça tomaşa edip we öz gezeklerinde myhmanlarymyz Ýaponiýa döwletiniň milli saz gurallary bilen tanşdyryp, saz çalyp, aýdym aýtdylar. Bu konsert diýseň gyzykly bolup, myhmanlaryň we tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Ýaponiýa döwleti barada gysgaça aýtsak, däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýar. Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak bolar.
Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.
Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýa Gahryman Arkadagymyzyň sentýabr aýynda bolan iş saparynda iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy. Muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyza diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, dünýäde hem iň iri we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri — HIROSAKI uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adyň dakylmagy iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň alamatyna, hormatly Prezidentimiziň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň ylym-bilim
ulgamynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bu günki hormatly myhmanlary türkmen professional aýdym-saz sungaty, biziň ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlara bilim berilşi, Türkmen milli konserwatoriýasynda alnyp barylýan işler barada tanyşdyryldy.
Şunuň ýaly dost-doganlyk gatnaşyklary bilimimizi artdyrmaga, öz kärlerimiziň ussady bolmaga has hem ýardam berýär we biz ýaşlary geljekde uly işlere goşant goşmaga hyjuwlandyrýar.
Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan hem beýläk rowaç alsyn.