BAÝRAKLARYŇYZ GUTLY BOLSUN!
Her bir senesi toý baýrama beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleri sanardan juda kändir. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda şanly wakalar, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgady hökmünde dürli ulgamlarda öndürijilikli halal zähmet çeken, öňdebaryjy işgärleriň binäçesine hormatly atlar dakylyp, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildiler we gymmat bahaly sowagtlar bilen sylaglandylar.
Aýdym-sazyň ýokary ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat halypa mugallymlary bilen birlikde zehinli talyp ýaşlary hem Arkadagly Serdarymyzyň şaserpaýyna eýe boldular. “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy Annaoraz Ilamanowiç Rejepow, “Umumy fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Zahrahanum Ismailowna Gadžiýewa, “Saz mugallymy” kafedrasynyň esasy konsertmeýsteri Bahram Abbasowiç Nadžafow; “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy Gözel Gurbandurdyýewna Öwezowa mynasyp boldylar. Şeýle hem “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň mugallymy Mähri Aganazarowna Hojaýewa, “Kirişli saz gurallar” kafedrasynyň mugallymy Tahyr Nuralyýewiç Ataýew, Kompozisiýa hünäriniň V ýyl talyplary Döwran Şammyýew, Alşer Bazarow, “Estrada sungaty” hünäriniň V ýyl talyby Şatlyk Gurbannazarow dagylar Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi we gymmat baha sowgatlar bilen sylaglanyldy. Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň şeýle baýraklarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesle uly ynam bildirip, dünýa nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.