Halypa Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş toýy
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň professory Türkmenistanyň Halk artisti, Hormatly il Ýaşulysy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýubileý konserti geçirildi. Konserte halypanyň kärdeş ýoldaşlary, dürli ýyllarda ýetişdiren şägritleri bilen bir hatarada aýdym-saz söýüjileriň birnäçesi gatnaşdy. Konsert dabarasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestrynyň sazandarlyk etmeginde “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyzlaryma”, “Gel obamyň lälesi”, “Dostlaryma”, “Daglar”, “Ýalňyz ýoda”, “Şadyýan gün” ýaly halkyň ýürende orun alan birnäçe ajaýyp aýdymlar halypa Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde belent perdelerde ýaňlandy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň halypa ýollan gutlag hatynyň okalmagy has-da täsirli boldy. Soňra Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, ussat dramaturg Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, kompozitorlar Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Hydyrow hem-de Baýramdurdy Hudaýnazarow, şägirtlerinden Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarow, şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy Ýazgül Ezizowa ýaly ençeme sungat wekilleri halypanyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli özleriniň ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halypanyň janynyň sag bolmagyny mundan beýläk hem uzak wagt ýaşlara halypaçylyk edip gezmegini arzuw etdiler.