Talyp gözeller bäsleşdiler


Eziz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şöhratly ene-mamalarymyzyň döreden milli mirasyny çuňňur öwrenmek, ony saklamak, giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Her ýyl talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän « Talyp gözeli -2022» bäsleşik hem şeýle işleriň üstüni ýetirýär. Bu bäsleşikde türkmen zenanyna mahsus häsiýetlere baý bolan, owadan, asylly, eli çeper, dili süýji,  zehinli talyp gyzlar  ýüze çykarylýar.
Bäsleşigiň bu ýylky möwsüminiň saýlama tapgyry Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bäsleşige ýokary okuw mekdebimiziň talyp gyzlarynyň 4-si gatnaşyp, jemi 3 şert boýunça olar özara bäsleşdiler. Birinji şerte görä talyp gözeller  ilki özlerini tanyşdyryp, soňra owadan ýurdumyzy, ajaýyp döwrümizi aýdym-sazlardyr şahyrana döredijilik bilen wasp etdiler.    
Bäsleşigiň ikinji şerti has-da gyzgalaňly dowam etdi. Gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň "Bereketli türkmen saçagy" kitabyndan türkmen milli tagamymyz bolan unaş kesmekde biri-birinden tapawutly ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri boyunça gyzlar üçünji şertde emin agzalaryny has hem haýran galdyrdylar. Çünki gaýmadyr-ilme, gülli joraplar, tahýa salnan nepis nagyşlary,  şeýle-de iňňedir sapak bilen jaýdar iş salşyp bilýän, gyz gözelligine gözellik goşýan çeper elleri synlamak her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýär.  Bäsleşikde gyzlaryň içinden "Aýdym, diriźýorlyk we saz mugallymçylygy" fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjeren Taýlyýewa öňe saýlanyp, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm