DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň tebigy zehinlerini hem-de el hünärlere bolan endiklerini ýüze çykarmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olaryň döredijilige, el işlere, sungata bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan etmeginde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “El hünäri - il gezer” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Ýaňy-ýakynda, bu bäsleşik Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi. Talyp ýaşlarymyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbini wasp edip buýsançly goşgy setirleriniň we aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesillerimiz üçin yzygiderli we ýadawsyz alada edýän we ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny bildirdiler.