Garaşsyzlyk nagmalary
Kompozitor we dirižýor hökmünde Röwşen Nepesowyň ady diňe bir Türkmenistanda däl, ýurduň çäklerinden daşarda hem köplere bellidir. Kompozitoryň döredijiligi örän giň we köp taraply. Onuň dürli ýyllarda döreden eserleriniň arasynda Kirişli orkestr üçin 4 bölümli sýuita, A.Şnitkäniň ýadygärligine simfoniýa, “Daglar” simfoniki poemasy; “Yşgyň gämisi” drama spektaklyna saz, “Hatyra” – Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligine sazly kompozisiýa, “Umyt mukamy”, “Bagt guşy”, “Muňa durmuş diýerler” ýaly kinofilmler üçin sazlar, Simfoniki orkesrt üçin “Nowruz” uwertýurasy, Goboý we orkestr üçin konsert, “Söýgi gülleri” simfoniki şekili, Ö.Nepesowyň goşgularyna “Gizleme”, “Enejan”, A.Atabaýewiň goşgusyna “Seniňki”, H.Kakalyýewiň goşgusyna “Dünýä dursun” ýaly aýdymlary aýratyn tapawutlanýar.
2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynasybetli ýakynda Röwşen Nepesowyň eserlerinden düzülen awtorlyk konserdi geçirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary tarapyndan gurnalan konsertde bu ýokary okuw mekdebiniň simfoniki orkestri Röwşen Nepesowyň eserleri ýerine ýetirdi. Simfoniki sazlar häzirki zaman innowasion tehnikalar arkaly ekranda wideoşekiller bilen utgaşdyryldy. Ilkinji gezek halk köpçüligine ýetirilen “Bitaraplyk” simfoniýasynyň her bölümiň ady Hormatly Prezidentimiziň eserlerinden alnypdyr.
Orkesrtiň düzümine dutaryň we gargy tüýdügiň goşulmagy simfoniýa has-da milli öwüşgün çaýypdyr. Her bir ýaňlanan eser bilen bagly kompozitoryň gyzykly gürrüňleri owadan sazlaryň dünýäsine siňip gitdi.