MILLI SUNGATYMYZ DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz uly üstünliklere eýe bolýar. Aýdym-saz sungatymyzyň dürli taraplaýyn ösdürilmegi, öwrenilmegi, bu ugurda düýpli işleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ruhy baýlygymyz kämilleşýär. Häzirki günlerde halkara derejelerindäki duşuşyklaryň köp böleginiň onlaýn arkaly geçirilýändigine garamazdan, özara medeni gatnaşyklar has-da berkeýär. Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Bitaraplyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory bilen Ermenistanyň Ower döwlet kamera horunyň onlaýn konserti hem dost-doganlyk ýurtlaryň saz medeniýetleriniň barha ysnyşmagynda möhüm wezipä eýe bolunýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.
Bu geçirilen onlaýn duşuşygy diňe bir özara tejribe alyşmak bolman, eýsem medeni bilimiň geljekki ösüşini nazarlaýan sepgitlere ýetmekde düýpli täsir edýär. Döredijilik konsertinde ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň hor topary çykyş etdi. Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki hor topary dürli mazmunly eserleri ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlary bilen bir hatarda daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň aýdymlaryna hem uly orun berildi. Soňra ErmenistanyňOwer döwlet kamera hor toparynyň ýerine ýetirmegindedaşary ýurt hem ermeni kompozitorlarynyň eserleri diňlenildi. Hor toparyň hem dirižýoryň ussatlyklary netijesinde aýdymlar täsirli ýaňlandy. Ýerine ýetirijilik aýratynlyklar, aýdymlaryň owazlanyş görnüşleri, ses alyş hem umumy hor sazlaşyk esaslar aýdymlarda ökdelik bilen utgaşdyryldy.
Täsirli geçen onlaýn konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar aýdym-saz sungatynyň dürli görnüşleriniň halkara derejelerinde beýan edilmegine, dünýä ýaýylmagyna ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.