ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI WE HALKARA SAZ GÜNÜNE BAGYŞLANYN KONSERT GEÇIRILDI
Her ýylyň 1-nji okrýabrynda «Ýaşulylaryň halkara Güni» we «Halkara saz güni» ýurdumuzyň dürli ýerlerinde aýdym-sazly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda şatlyk şowhuna beslenip geçirildi. Talyp ýaşlaryň we professor mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada ussat sazandalar halypa mugallymlar we talyp ýaşlar ýaşulylarymyzy mährem enelerimizi wasp edýän türkmen milli aýdym-sazlarymyz bilen bir hatarda nusgawy eserleri hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde Hormatly Arkadaymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolan halypa mugallymlar Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň, Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri Aýna Seýitkulyýewanyň we Laçyn Hudaýberdiýewanyň çykyşlary diňleýjiler köpçüligi tarapynda has hem gyzgyn garşylandy.
Geçerilen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumuzy belent badalgalar bilen öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Guwanç ANNABAÝRAMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň II ýyl talyby.