Gutly bolsun baýraklaryňyz!
Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylady. 30 ýylda güneşli Diýarymyzda örän beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz Ýer ýüzünde ýokary depginler bilen öňe barýan, halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky degişli resminamalara gol çekdi. Şol esasynda raýatlaryň uly topary ordendir medallar bilen sylaglandy, birnäçesine hormatly atlar dakyldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde milli medeniýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekip, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglary we hormatly atlar bilen sylaglanyldy.
Şolaryň arasynda biziň bilim ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de bilim alýan talyplaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Rasul Hangeldiýewiç Amangeldiýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy Maral Hudaýberdiýewna Meredowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Gözel Gurbandurdyýewna Öwezowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Kerwen Gurbannazarowiç Ýowbasarow dagylar «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy Stella Wladimirowna Faramazowa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Bekmuradowna Seýitkulyýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýarowna Hudaýberdiýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Maýsa Baýramdurdyýewna Mämmetjumaýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Döwletmämmet Azady ogly Ökdirow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Dünýä Söýünowna Myradowa dagylar ýeňiji boldular hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.
Biz hem halypa mugallymlarymyzy, talyp deň-duşlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde-de döredijilik äleminde täze ýeňişleri, uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazşynaslyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby.