HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

4-nji sentýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagyna bagyşlanyp, hoşallyk maslahaty geçirildi. Konserwatoriýada bilim alýan talyp ýaşlaryň, zähmet çekýän halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda eziz Diýarymyzda ylymly, bilimli, sagdyn ruhly ýaşlary ýüze çykarmak, olary döwlet tarapyndan goldamak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara beren atalyk pentleriniň many-mazmuny, ähmiýeti baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. 
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň iň arzyly arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm