Arzuwlaryň ýeňişe ýetmegi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylymly, innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan başarjaň, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Muňa her ýyl giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigi aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaşlar sylaglandylar. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary; kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça bäsleşen ýaşlaryň 57-si ýeňiji boldy.
Ýeňijileriň arasynda talyp deň-duşumyz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynynyň “Kompozisiýa, saz öweniş we fortepiano” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülzada Guldurdyýewa ynsanperwer ylymlary ugry boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Gülzada bilen gürrüňdeş bolanymyzda: “Bu bäsleşige men “Türkmenistanyň çagalar sungat mekdepleriniň “Türkmen saz edebiýaty” dersi boýunça multimedia okuw gollanmasy ” atly ylmy işim bilen gatnaşdym. Işimiň maksady okatmagyň häzirki zaman usulyny, ylymyň soňky gazananlaryny ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerine ornaşdyrmakdan ybarat. Bu multimedia okuw gollanmasy türkmen kompozitorlyk mekdebiniň görnükli wekillleriniň ömür beýanyny, döreden eserleriniň notalaryny, audio we wideo ýazgylary, suratlaryny özünde jemleýär” diýip, saýlap alan temasy barada aýdyp berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Sagdyn pikirli, sowatly, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk iş alyp barmagy başarýan täze nesil kemala geldi. Ol milli medeniýetimizi, sungatymyzyň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýar” diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, sözlerini ýörelge edinip, ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişeris.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen mili konserwatoriýasynyň
“Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň
5-njji ýyl talyby Aýtäç Mededowa.