Saglygym-baş baýlygym atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglyk ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde “Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. “Saglyk abadançylygyň we gülläp ösüşiň altyn açarydyr” diýip örän jaýdar belleýän Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber zähmetiniň, irginsiz döredijilik gözlegleriniň miwesi bolan, mähriban halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga ýugrulan “Saglyk” döwlet maksatnamasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzat jemgyýetiniň altyn hazynasyna saldamly goşant bolýar. Saglygy baş baýlygyna deňeýän mähriban halkymyz bu babatda ýola goýulan işlere tüýs ýürekden begenip abadan, asuda Watanymyzda gujur-gaýratly zähmet çekýär. Bu maslahatda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzda kopçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýänligi nygtalyp geçildi, jemgyýetde, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz-nesihat edilmegi, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimize minnetdarlyk bildirildi.
Gülşirin Otuzowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Zenanlar guramasynyň başlygy