ABS-nyň “reVoiced” aýdym-saz topary bilen online okuw sapagy geçirildi 23 Fewral 2021
2021-nji ýylyň 23-nji Fewralynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumuzyň ýörite sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda Amerikanyň birleşen ştatlarynyň “reVoiced” topary bilen online okuw sapagy geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçen bu sapakda “reVoiced” toparynyň agazalary, ussat sungat wekilleri öz toparynyň döreýişi, döredýän aýdym-saz eserleri, hor topary bilen işlemegiň aýratynlyklaryny, aýdym sungatynda ses alamagyň, ýerine ýetirmegiň tilsimleri hem-de aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle hem olar öz döredijilik topary bilen birnäçe nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konserwatoriýanyň hor we akapella topary hem-de welaýatlaryň ýörite sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary nusgawy kompozitorlaryň eserlerinden birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sapagyň dowamynda “reVoiced” topary bilen türkmen talyplary özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogaplary alyşdylar. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen talyp ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Arkadagymyza ýürekden çykýan minnnetdarlyklaryny aýtdylar.