Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy Saragt Babaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda ussat heýkeltaraşa uzak ýyllaryň dowamynda stanok, monumental, haşam heýkeltaraşlygy ugrundan döreden dürli eserleri barada talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdirler. Saragt halypa şeýle hem duşuşygyň dowamynda özüniň döreden taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň Türkmenistandaky, Özbegistandaky, Türkiýedäki, Russiýadaky monumental ýadygärlikleri hem-de ençeme portretleri döretmek üçin çekilen zähmet barada gyzykly gürrüňleri berdi.
Dabara gatnaşanlar şeýle ussat sungat adamlarynyň döredijilik ýoly barada öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyza ýürekden çykýan çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.