Döredijilik duşuşygy geçirildi


Öwez Gelenow bilen döredijilik duşuşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistandiýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okamaga, medeniýetimizi,sungatymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerdenpeýdalanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sungataömrüniň elli ýyla golaýyny bagyşlan halypa artist, aktýor, şahyr, aýdymçy ussathalypa Öwezguly Gelenow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypanyň özsungat ýoly hakynda beren gyzykly gürrüňleri ýaşlara täsirli boldy. Döredijilikduşuşygynyň başynda ussat halypanyň sungat ýoly hakynda wideo-rolik görkezildi.Dabara gatnaşyjylar Öwezguly aganyň teatr sahnasynda janlandyran keşpleri, kinosungatynda ýeten belent sepgitleri hem-de şahyr ýüreginden dörän goşgylary,aýdymlary hakynda gyzyklandylar. Öwezguly aga aýdym aýdyp bermegi haýyşedenlerinde bolsa zehinli türkmen kompozitorlarymyzyň birnäçe aýdymlaryndanýerine ýetirip, diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Pursatdan peýdalanyp, zehinli artist, ussat halypaÖwezguly aga beren gyzykly gürrüňleri, ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlaryüçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljekde sungat muşdaklaryny begendirip gezmegini, döredijilik işinde üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris!

Milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm