Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakulteti

Kompozisiýa we gurallama kafedrasy

Bu kafedra 1990-njy ýyllarda “Sazyňtaryhy, nazaryýeti we kompozisiýa” kafedrasyndan bölünip aýratyn kafedra hökmünde işläpbaşlady. Milli kompozitorçylyk mekdebiniň döredilmegi bilen, bu hünäriň ussat halypalary tarapyndan dünýä derejesindäki saz nusgalaryna esaslanýan ençeme saz eserleri döredildi. Olaryň dürli aýratynlyklary bolsa ösüp gelýän ýaş nesillere öwredilip, talyplaryň dürli mazmundaky eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Häzirki zaman saz talaplaryny ödemekde bu hünärden bilim alýan talyplarsaz älemine uly goşant goşýarlar. Kafedranyň halypa mugallymlarynyň hem talyplarynyň döreden ajaýyp aýdym-saz eserleri döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly çärelerde, baýramçylyklarda ýokary derejelerde ýerine ýetirilýär.

* * *

Sazyň nazaryýeti kafedrasy

Saz diliniň ýazuw usullary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan talyplara öwredilýär. Esasy hünärlerinden daşary solfejio, sazyň nazaryýeti, garmoniýa, polifoniýa ýaly dersleri özleşdirýän talyplar nota ýazuwyny ele almak bilen,saz ýerine ýetirijilik sungatynyň inçe syrlaryna çuňňur aralaşýarlar. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan talyplary ylmy bäsleşiklere taýýarlamak boýunça döredijilik işleri ýokary derejelerde alnyp barylýar.

* * *

Sazyň taryhy kafedrasy

Sazyň taryhy kafedrasy bu ýokary okuw mekdebinde bilimalýan ähli talyplara türkmen aýdym-saz sungaty bilen bir hatarda, dünýä saz medeniýetiniň taryhynda gazanylan üstünlikler boýunça bilim berýär. Bu möhüm dersler talyplaryň dürli taraply saz bilimleriniň ýokarlanmagyna, olaryň giňdünýä garaýyşly bolup ýetişmeklerine uly täsir edýär. Ýörite hünärler bilen birhatarda geçilýän bu derslerde özleşdirilen bilimler gurnalýan ylmy bäsleşiklerde özüniň oňyn netijesini görkezýär. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan tele ýaýlymllarda, ylmy hem döwürleýin neşirlerde yzygider çykyşlar edilýär.

* * *

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm