Halk sazy fakulteti
Halk saz gurallary kafedrasy
Ýokary okuw mekdebiniň açylan ýylyndan bäri dowam edip gelýän Halk saz gurallary kafedrasy şu güne çenli müňe golaý uçurym taýýarlady. Kafedrada plektrli dutar, bas dutar, baýan, akkordeon, ud, çeň, kanun, baglama ýaly dürli owazly saz gurallary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu kafedranyň ussat mugallymlary ady agzalan hünärler boýunça sazandalary ýetişdirip, milli ýerine ýetirijilik mekdebimiziň kämilleşmegine uly goşant goşýarlar.
Türkmen sazy kafedrasy
Türkmen sazy kafedrasy milli dutar, gyjak hem gargytüýdük dersleri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Bu kafedranyň mugallymlary talyplara bilim bermekde Hormatly Prezidentimiziň dikeldip berenhalypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýokary derejelerde berjaý edýärler. Milli saz gurallarymyzdan bilim berýän mugallymlaryň ençemesi hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň eýeleri bolmak bilen, olaryň ýetişdirýän şagirteri hem bu günkigünlerde milli ýerine ýetirijiligi ösdürip, uly sylag-hormata mynasyp bolýarlar.
Bagşyçylyk sungaty kafedrasy
Konserwatoriýada türkmen milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen açylan kafedralaryň biri hem Bagşyçylyk sungaty kafedrasydyr. Ol “Türkmensazy” kafedrasynyň içinde “Bagşyçylyk” bölümi hökmünde 1989-njy ýylda işläp başlaýar. Bu hünäre bolan islegiň ýokarlanmagy netiesinde,Bagşyçylyk sungaty kafedrasy aýratyn hünär beriji kafedra hökmünde ýokarydepginlerde işlerini dowam edip başlady. Kafedranyň mugallymlarynyň hem talyplarynyň bagşy hem dessançy bagşy hökmündäki ýerine ýetirijiliklerine halk köpçüligi, aýdym-saz muşdaklary guwanýarlar.