Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakulteti
Dirižýorlyk kafedrasy
Bu kafedra Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat instituty açylanyndan iki ýyldan soň, ýagny 1974-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Ilki başda bu bölüm birleşen kafedralaryň düzüminde bolup, 1990-njy ýyllarda özbaşdak hereket edip başlaýar. Kafedranyň açylan ýyllarynda onuň talyplarynyň düzüminden hor topary döredilýär. Ilki döwürler az sanly (20 adama golaý) bolan bu toparyň sany kem-kemden artdyrylýar. Soňky on ýyllykda kafedrada talyplardan döredilen hor topary hereket edýär.
Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy
Konserwatoriýanyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasy ilkinji açylan kafedralaryň biri bolup, 1977-nji ýylda özüniň uçurymlaryny goýberip başlaýar. Şu wagta çenli kafedra boýunça ençeme hünärmen taýýarlandy. Bu hünärden bilim alan ýaşlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, sazly drama teatrlarda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde, medeniýet öýlerindehem ýurdumyzyň beýleki dürli aýdym-saz ojaklarynda işleýärler.
Saz mugallymy kafedrasy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasy umumy bilim berýän orta mekdepleriň aýdym-saz mugallymlaryny, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň hor dersi boýunça mugallymlaryny taýýarlaýan kafedradyr. “Saz mugallymy” kafedrasynda “Dirižorlyk etmek”, “Esasy saz guraly”, “Aýdym aýtmak” ýaly ýörite hünär derslerinden bilim berilýär. Kafedranyň talyplary umumy bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar sazçylyk mekdeplerinde okuw-pedagogiki, konsert ýerine ýetirijlik tejribelik okuwlaryny geçýärler.