DALAŞGÄRLERE


MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY


2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):


I. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we ka-kylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk).


II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):


1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty).


Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýun-ça bäsleşik esasynda kabul edilýär.


Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine ça-galar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bi-limli raýatlar kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlary konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;


— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);


— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenis-tanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi ha-kynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;


— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty mi-nistrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;


— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;


— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;


— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;


— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara dö-redijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan de-gişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.


Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýo-karda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusga-laryny tabşyrýarlar:


— pasportyny;


— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasy-ny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.


Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin da-laşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.


Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň 2 — 9-njy awgusty aralygynda bellenen möhletlerde konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) geçirilýär.


Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:


hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);


hünärler: aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy — hü-


näri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);


hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);


hünär: sazşynaslyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazma-ça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);


hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hü-näri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbet-deşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).


Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň, çagalar sazçy-lyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.


Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.


Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleri-niň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synagla-ra goýberilmeýär.


Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsle-şiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.



Paýlaş

FAKULTETLER

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY2023/2024-nji okuw ý [...]

DALAŞGÄRLERE

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY2023/2024-nji okuw ý [...]

TALYP DURMUŞY

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY2023/2024-nji okuw ý [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm